Dunaýyň boýunda ýaňlanan owazlar

15 Awgust 2024
175

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 7-11-nji awgusty aralygynda Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

7-nji awgustda Budapeşt şäheriniň Miras öýünde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Bu şanly waka mynasybetli guralan konsertde iki dostlukly halkyň tanymal sungat ussatlary joşgunly aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Dabarada halk döredijiliginiň naýbaşy nusgalaryna uly orun berildi. Türkmen we wenger halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny wasp edýän ajaýyp aýdymlardyr sazlar dabara gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy.

Gülbahar DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphana müdiri.