Änew — «Beýik öý»

8 Awgust 2024
191

Türkmenistan — gadymy medeniýetiň ojagy. Bu toprakda dörän şäherdir obalar, galadyr kentler halkyň medeniýetiniň geçmişden gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýär. Şol medeni ojaklaryň biri hem gadymy Änew şäheridir.

Änew sözüniň aňladýan manysy hakynda alymlar dürli pikirleri aýdýarlar. Dilçi alym Soltanşa Atanyýazow «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda bu sözüň abu-now (täze suw) diýen sözlerden emele gelendigini belläpdir. Alym A.Maruşenko «Туркменоведение» žurnalynyň 1930-njy ýylyň 12-nji sanynda çap edilen «Wajyp düzedişler» atly makalasynda Änew şäheriniň «Bagabat» diýlip atlandyrylandygy hakyndaky maglumaty getiripdir. Bagabat sözi bagly, bagy-bossanlyga bürenen şäher diýen manyny aňladýar.

Nurnabat GURBANGULYÝEWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.