Sungatym bar, hormatym bar

7 Awgust 2024
146

«Ylym» neşirýaty Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy we türkmen sungaty» atly makalalar ýygyndysyny çap edip, giň okyjylar köpçüligine ýetirdi.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan çapa taýýarlanylan bu ýygyndyda ýurdumyzyň görnükli medeniýet we sungat işgärleriniň, sungaty öwrenijilerdir taryhçylaryň, edebiýatçylaryň hem-de ylmyň beýleki ugurlary boýunça hünärmenleriň ylmy makalalarynyň birnäçesi ýerleşdirilipdir.

Ogulgeldi ANNAGELDIÝEWA,
Halaç etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.