Gyzgalaňly häsiýete eýe boldy

2 Awgust 2024
133

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň körler küşt merkezi bilen bilelikde guramagynda görüş taýdan şikesli türgenleriň arasynda ýurdumyzyň şahsy çempionaty geçirildi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň güýçli türgenleri özara güýç synanyşdylar.

Daşoguz şäherindäki 5-nji sport mekdebinde geçen ýaryş gyzgalaňly we çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaryşyň netijesine görä, erkek türgenleriň arasynda Aşgabat şäherinden Aýdogdy Atabaýew birinji, Mary welaýatyndan Şageldi Şalyýew ikinji hem-de welaýatymyzdan Mergen Muhaýew üçünji orunlary eýelediler. Zenanlaryň arasynda geçen küşt ýaryşynda Mary welaýatyndan Mahym Gurdowa birinji, welaýatymyzyň maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň türgeni Mahym Taganowa ikinji, Aşgabat şäherinden Gurbangül Esenowa bolsa üçünji orunlary eýeläp, akyl-paýhas oýnunda has tapawutlanmagy başardylar. Ýeňijiler Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.

Ýörite habarçymyz.