Giriş synaglaryna badalga berildi

1 Awgust 2024
76

Düýn ýurdumyzyň çägindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ählisinde giriş synaglaryna badalga berildi. Welaýatymyzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde we Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde hem giriş synaglary ýokary guramaçylykly ýagdaýda ýaýbaňlandyryldy.

Giriş synaglary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilime höwesli bagtyýar ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň, aýratyn zehinleriniň ýüze çykarylmagy we ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigini alamatlandyrdy. Ýurdumyzyň nurana geljegini ylymly-bilimli ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrüň ösen talaplaryndan ugur alnyp täze hünär ugurlary döredilýär. Şeýle özgertmelerden, özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar türkmen ýaşlary bilim almaga, ylym bilen içgin meşgullanmaga uly höwes bildirýärler. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna talyplyga dalaşgärleriň sanynyň barha artmagy hem sözümiziň aýdyň subutnamasydyr.

Ýörite habarçymyz.