Obam (oýlanma)

2 Awgust 2024
414

Eziz obamyň ýakymly, salkyn şemally säheri, asuda gijesi, onuň mähriban adamlarynyň ýüz keşbi gaýta-gaýta hyýalymda janlanýar. Çagalygymyň geçen ýerlerine gaýybana syýahat edýärin. Ýaşlygymyň süýji ýatlamalary meni hyýalymda ýene göbek ganym daman topraga, eziz obama, mähriban ýaýlama dolaýar. Göwnüme bolmasa, çagalygymyň aýak yzlary obamyň gumaksy ýollarynda heniz-henizlerem saklanan ýaly.

Anha, okamagy, ýazmagy öwreden, durmuşyň ak ýollaryna ak pata beren mekdebim otyr, obanyň bir gyrasynda. Bilim-terbiýe berip, edep-ekram öwreden mähriban mugallymlarym ýaşaýar, eziz obamda. Topragynda ezizlerimi, pederlerimi penalap oturandyr, mähriban obam. Önüp-ösen ojagym, her wagt doganjyklarymy bir saçagyň başyna jemleýän düýp öýüm, garry öýüm bar, obamda. Syr alşyp, syr berşen deň-duşlarym, joralarym ýaşaýar, obamda.

Kümüş ATAKIŞIÝEWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň esasy hünärmeni.