Ýandakly gawun suwsatmaz

2 Awgust 2024
267

Baldan süýji gawunlar türkmen halkynyň milli baýlyklarynyň biridir. Täze döwrebap görnüşde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda bitýän türkmen nygmaty halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, mähirli gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýär. Kerwen arkaly Gündogardan Günbatara geçen täjirler Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen türkmen halkynyň myhmansöýerligine, bu toprakda ýetişýän datly miweleriň tagamyna haýran galypdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda edilýän söwda-satyk emelleriniň biri-de türkmen gawunlary bilen baglanyşykly bolupdyr. Kerwenler bilen äkidilýän tagamy boýunça iň süýji gawunlar Merwde bitipdir. Bu gawunlar uzak ülkeleriň baý öýleriniň islegli harydy bolup, olar arap halyflarynyň, hytaý imperatorlarynyň, hindi patyşalarynyň saçagyny bezäpdir. Gawunlar Soltan Sanjaryň, Baýram han Türkmeniň we beýleki türkmen hökümdarlarynyň lezzetli iýmitleriniň biri bolupdyr.

Sülgün AŞYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.