Gymmatly miras öwrenilýär

2 Awgust 2024
237

Dünýä döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda medeni hyzmatdaşlygy berkitmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. 31-nji iýulda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdul Aziz adyndaky Ylmy merkeziniň «Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelligi we olaryň has seýrek duş gelýänleri» atly sergisi açyldy. Bu sergide Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary, Mekge we Medine şäherlerindäki iki mukaddes metjitler bilen baglanyşykly maddy gymmatlyklar, ýurdumyzda saklanýan arap dilindäki seýrek golýazmalar görkezildi. Serginiň açylyş dabarasynda gadymy döwürlerden bäri doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda pugtalanýan türkmen-arap gatnaşyklarynyň häzirki döwürde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze many-mazmuna eýe bolýandygy bellenildi.

Serginiň çäklerinde «Türkmenistandaky arap golýazmalary» atly okuw maslahaty geçirilip, onuň dowamynda iki ýurduň alymlary arap dilinde we elipbiýinde ýazylan golýazmalary öwrenmek babatda özara tejribe alyşdylar. Şeýle hem taryhy, dil we edebiýaty, däp-dessurlary öwrenmek babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýörite habarçymyz.