Gozgalmaýan emlägiň goraglylygy

1 Awgust 2024
304

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda giň gerimli wezipeleri çözmäge mümkinçilik berýän, halkyň ýaşaýyş derejesini has gowulyga tarap özgerdýän çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, hukuklaryň borçlanmalarynyň ykrar edilmegini we goralmagyny kämilleşdirmek maksady bilen, 2014-nji ýylda «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Kanun döwlet gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we oňa bolan hukuklaryň borçlanmalarynyň, şeýle hem onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň hukuk esaslaryny we tertibini belleýär.

Maýagözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň Berkararlyk etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy, 1-nji derejeli ýurist.