Akyldaryň nesihatlary ýörelge

1 Awgust 2024
198

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinden Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli medeni çäreleri yzygiderli geçirmek giň gerime eýe boldy. Öz ýaşap geçen döwrüniň aýnasy hasaplanyp, soňky nesillere ajaýyp goşgulary, dürdäne setirleri miras galdyran şahyr Magtymguly Pyragynyň şanly senesiniň şeýle uludan toýlanmagy oňa goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.

Magtymguly Pyragynyň giň ummana deňelýän şygryýet dünýäsine syýahat edilende, islendik sowalyň jogabyny, islendik ugur boýunça çylşyrymly meseleleriň anyk çözgüdini tapmak bolýar. Esasan hem häzirki döwrümizde ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda, halkymyzyň milli ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde, ilhalar, watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde akyldaryň öwüt-ündew, nesihat äheňli goşgulary gymmatly gollanma hasaplanýar. Şonuň ýaly-da şahyryň bu temadaky goşgulary sadadan düşnükli bolup, islendik okyjyny özüne çekýär. Şahyryň şeýle goşgularynyň biri bolan «Paş eder seni» goşgusynda:

Bahar TÄÇMEDOWA,
Görogly etrap döwlet notarial edarasynyň notariusy.