Keçe sungatynyň ussatlary bäsleşdiler

1 Awgust 2024
167

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen «Gülüň owadan!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda welaýatymyzyň gelin-gyzlary-da üstünlikli çykyş edip, üçünji baýrakly orna mynasyp boldular.

Bäsleşigiň döwlet tapgyryna welaýatymyzdan zenanlaryň ikisi — Saýat etrabyndaky 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Öwezgül Agajanowa we Saýat etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy Jeren Bazarowa gatnaşdylar. Olar berlen şertlere görä, ýüňi saýlamak we saýmak, daramak, boýamak, pişge etmek, gül ýasamak ýaly keçäniň taýýarlanylyşy bilen bagly işleri ýerine ýetirmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem işine ussat gelinler özleriniň şahyrana döredijiligi bilen milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşini wasp etdiler. Bäsdeş gelin-gyzlaryň biri-birinden owadan edip güllän keçeleri bu sungatyň inçelikleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Näzik ŞIRIÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.