«Kakdyryp nalyn kümüşden» atyň toýnaklarynyň nallanylyşy

31 Iýul 2024
190

Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «At çapyşygyna gatnaşýan bedewleriň nallary ýumşak metaldan (10 — 12 millimetrlik sim) ýasalýar, olar atyň toýnagyny şikesden goramak üçin zerurdyr. Mundan başga-da olar atyň dogry ýöremegine ýardam edýär. Çapyşyga gatnaşýan atlaryň öň iki aýagyna nal kakylýar» diýip, nalyň ähmiýeti hakda beýan edilýär.

Bedew atlaryň toýnaklaryna nal kakmak işi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelipdir. Nallary demirçi ussalar ýasapdyrlar. Ussalaryň seýislere ýasap beren nal nusgalary öz asylky durkuny ýitirmän gelipdir. Il arasynda nal ýasaýan adama nalçy ussa diýipdirler.

Nowruzälem GURDOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk we seýisçilik kafedrasynyň mugallymy.