Awaza — Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän jenneti mekan. Awaza — gojaman Hazaryň ajaýyp keşdesi, dünýä syýahatçylygynyň merjeni.
Ynsan kalby — deňze, onuň tämiz howasyna teşne. Aýratynam tomsuň yssy günlerinde deňziň ajaýyp kenaryny küýsäp başlaýarsyň. Tomusky dynç alşa çykan çagalaram: «Eje, haçan deňze gidýäris?» diýip günüňe goýmazlar. Onsoň nobatdaky zähmet rugsadyna çykdygyň gojaman Hazaryň kenaryna görk berip oturan melhemler mekany «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ýola düşersiň. Awtoulagyň aýnasyndan daş-töwerekdäki ajaýyplyklary synlap, nädip baranyňam duýman galarsyň. Ine-de, arassa howa, şypaly deňiz suwy, ajaýyp kenara bezeg berýän guşlaryň, deňiz tolkunlarynyň sesi. Bu ajaýyp gözellikler seni biparh goýmaýar, ýadawlygyňy aýryp, şähdaçyklyk, özüňi ýeňil duýmak ýaly duýgulary peşgeş berýär.