Setirlerini nakyl edip...
Garagumda Halap, Seýrap aralykda örüdekäk “Çöldäkiler üçin konsert” diýip Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdym berdiler. Ora çopan tä konsert gutarýança “çölden çykyp gitdi-de, bagşylaryň ýanynda oturdy”. Özüne gelensoňam: «Bu sözleri şahyryň kalbyna Ýaradanyň özi ýollaýar eken. Hakdan halatly jenneti kişileriň ady ebedi-dä” diýip, çöküne düşüp, şahyryň ruhuna aýat okady. Soňam: «Biziň-kä eşitmiş. Ýöne Mary topragynda-da Magtymgulynyň aýak yzy, gadam tozy galypdyr diýýärler” diýip, şu wakany süýjedip gürrüň beripdi...