ÝUNISEF-niň «Ýaşlykdaky» gyzykly çäresi

31 Iýul 2024
108

Indi birnäçe ýyl bäri BMG-niň Çagalar gaznasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi we beýleki döwlet düzümleri bilen ýurdumyzda çagalaryň öz hukuklary barada habarlylygyny artdyrmak babatda bilelikdäki başlangyjy üstünlikli durmuşa geçirýär. Öňňin Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde guralan ýörite çäre hem şadyýan oýunlardyr interaktiw okuwlar arkaly Diýarymyzyň çar künjeginden gelen çagalary bir ýere jemledi.

Çäräniň maksatnamasy BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna laýyklykda, ýaş nesilleriň öz hukuklary barada düşünjeliligini artdyrmaga gönükdirilen bilim beriş maksatly oýunlary, ýaryşlarydyr interaktiw tanyşdyrylyşlary öz içine aldy. Oňa gatnaşyjylar çaganyň hukuklary we howanyň üýtgemegi ýaly meselelerden söz açýan wideoşekillere tomaşa edip, öz aralarynda bäsleşdiler, toparlara bölünip ýokarda agzalan Konwensiýada ileri tutulýan ugurlara bagyşlanan oýunlary oýnadylar. Bilim beriş maksatly okuwlaryň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri tarapyndan alnyp barylmagy olaryň ruhubelentlikde, şadyýan gurşawda geçmegine ýardam etdi. Çagalara ÝUNISEF-niň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýurt boýunça täze Maksatnamasy hakynda öz pikirlerini paýlaşmaga mümkinçilik döredilmegi has-da täsirli boldy.

(Ýörite habarçymyz).