Döwletli tutumlaryň gözbaşy

30 Iýul 2024
196

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Kararyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, şu günler welaýatymyzyň ähli ýerinde wagyz-nesihat maslahatlary, düşündiriş işleri geçirilýär. Welaýat, etrap halk maslahatlarydyr jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan şeýle maslahatlar işjeňlige eýe bolýar.

ÄNEW. Welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat halk maslahatynyň hem-de Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen maslahat täsirli boldy. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Kararyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünde aýratyn durlup geçildi, Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada gürrüň edildi.

SURATLARDA: Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçen maslahatdan pursatlar.