Ga­ra­gu­muň atly päl­wany

26 Iýul 2024
179

Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň Bük­riö­leň oba­syn­da dün­ýä inip, ke­ma­la ge­len, hä­zir Ar­tyk oba­syn­da ýa­şa­ýan Baý­ja (azan ady Baý­sä­het) bi­len ta­nyş bo­lup, şu gü­ne çen­li gat­na­şyp ýö­rüs. Wag­tyň geç­me­gi bi­len, il­kin­ji ta­nyş­lyk dost­lu­ga öw­rül­di. Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň jüm­mü­şin­dä­ki Gy­zyl­ja­ga­la oba­syn­da ýa­şa­ýan, il ara­syn­da giň­den ta­na­lyp, sar­pa­lan­ýan Ak işan ata­my­zyň ne­sil­le­ri­niň tu­tan ge­lin toý­la­ry­na, soň­ra bol­sa Ça­lyş oba­sy­nyň gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­ýän Bük­ri­ça­ran oba­sy­nyň ýa­şaý­jy­sy Ka­ka­baý aga­la­ryň ge­lin toý­la­ry­na gat­naş­mak, ýa­kyn­da bol­sa Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň Ho­ja­meň­li, Bük­riö­leň, Haş­şan, Kyrk­gu­ýy, Ga­ra­ja­ow­lak oba­la­ryn­da we beý­le­ki ýer­ler­de bol­mak ne­sip et­di.

Baý­sä­het bi­len uzak ýo­la ýol­daş bo­lup, onuň di­ňe bir türk­men mil­li gö­re­şi bi­len meş­gul­lan­man, Ga­ra­gum säh­ra­sy­ny ilik-düw­me bil­ýän säh­ra­ýy adam­dy­gy­na hem göz ýe­tir­dim.

Ça­ry­my­rat GA­RA­HA­NOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň we­te­ra­ny, po­li­si­ýa­nyň äti­ýaç­da­ky pod­pol­kow­ni­gi.