Türkmenistan — Germaniýa: netijeli hyzmatdaşlyk ilerledilýär

26 Iýul 2024
242

Germaniýa Federatiw Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda iki döwlet ähli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Munuň şeýledigini 24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz jenap Bernd Haýnsy jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly ýokary diplomatik wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini aýratyn belläp, Türkmenistanyň we Germaniýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, köptaraplaýyn esasda hem üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürýändiklerine kanagatlanma bildirdi. Soňky ýyllarda hyzmatdaşlyk «Merkezi Aziýa — Germaniýa» dialogynyň çäklerinde-de üstünlikli ösdürilýär. Şeýle görnüşde geçirilýän gepleşikler özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga ýardam berýär.

«Nesil».