Geňeşli salamat bolar (Ýaş žurnalistiň sözi)

26 Iýul 2024
191

Ýurdumyzda Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmäge ykjam taýýarlyk görülýär

Halk pähimleriniň birinde «Geňeşli salamat bolar» diýilýär. Ata-babalarymyzyň mizemez durmuş kadasyna, ruhy-ahlak ýörelgesine öwrülen geňeşmek däbiniň mazmunyny açyp görkezýän bu paýhasdaky «salamat» sözüne üns berip göreliň! Salamatlyk — sag-gurgunlyk, dynçlyk, parahatlyk. Diýmek, islendik mesele geňeşilip çözülse, onuň netijesi ähli adamlary kanagatlandyryp, hemmeleriň bir pikire gelmegine esas bolýar. Şu jähetden, pederlerimiziň asylly ýörelgesi häzirki wagtda döwlet syýasaty derejesinde döwrebap röwüşde üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda — 24-nji sentýabrda ýokary derejede geçirmäge ykjam taýýarlyk görülýär.

Kakajan ÇARYÝAROW,
«Nesil».