Transfer täzelikleri

26 Iýul 2024
147

Fransiýanyň «Marsel » kluby «Premier Ligadan » 2 futbolçyny transfer etdi. «Mançester Ýunaýtediň » geçen möwsümi «Hetafede » kärendesine geçiren 22 ýaşyndaky wingeri 26+5 million ýewro transfer etdi. «Marsel » kluby Grinwudyň indiki transferinden gazanjak pulunyň 50 göterimini hem «Ýunaýtede » berer. Grinwud täze klubunda 10-njy belgide oýnar. «Marsel » kluby «Tottenhamdan » daniýaly ýarymgoragçy Pier- Emil Hýoýbergi hem transfer etdi. Fransuz topary 28 ýaşyndaky oýunçy bilen 1 ýyllyk kärendesine ylalaşyk gazandy. «Marsel » Hýoýbergi geljek tomusda 20 million ýewro berip ymykly transfer hem edip biler. Italiýanynyň «Milan » kluby Ýewropanyň çempionyny, ispaniýaly Alwaro Moratany düzümine goşdy. Italýan topary bu transfer üçin «Atletiko Madride » 13 million ýewro berer. 31 ýaşyndaky Morata milanlylar bilen 4+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Morata «Milanda » 7-nji belgili köýnekçäni geýer. Karýerasyna «Real Madridiň» ýaşlar düzüminde başlan Morata yklymyň güýçli klublarynda çykyş etdi. Ol «Real Madridde» (2010–2014, 2016–2017), «Ýuwentusda» (2014–2016, 2020– 2022), «Çelside» (2017–2019), «Atletiko Madridde» (2019– 2020, 2022–2024) dürli möwsümlerde oýnady. Morata çykyş eden klublarynda 589 oýunda 217 gol geçirdi. Morata milli toparda- da 80 duşuşykda 36 gezek tapawutlandy. Italiýanyň «Fiorentina » topary düzümine 3 futbolçy goşdy. Raffaele Palladinony tälimçilige bellän benewşe reňkliler «Ýuwentus » toparynyň italýan hüjümçisi Moýza Keni 13 million ýewro transfer etdi. «Werona », PSŽ klublarynda kärendesine oýnan Ken «Ewertonda » hem 1 möwsüm meýdança çykdy. Ol «Ýuwentusda » jemi 5 möwsüm oýnady. Ken şu wagta çenli klublarda 223 oýunda 47 gol geçirdi. «Fiorentina » topary «Leççeden » horwatiýaly merkezi goragçy Marin Pongraçiçi hem 15 million ýewro transfer etdi. Italýan kluby Argentinanyň «Boka Huniors » toparyndan argentinaly goragçy Nikolas Walentinini hem tölegsiz düzümine goşdy. Gabonly meşhur futbolçy Pier- Emerik Obameýang Ýewropa futboly bilen hoşlaşdy. Geçen möwsümi Fransiýanyň «Marsel » toparynda geçirip, 49 oýunda 27 gol salan Obameýang Saud Arabystanynyň «Al Kadisiýa » toparynyň düzümine goşuldy. 35 ýaşyndaky oýunçy arap kluby bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Karýerasyna «Milanda » başlan, ýöne bu klubda bir duşuşykda hem oýnamadyk Obameýang Fransiýanyň «Dižon », «Lill», «Monako » klublarynda kärendesine, soňra «Sent- Etien», «Borussiýa Dortmund », «Arsenal », «Çelsi » hem-de «Barselona » klublarynda çykyş etdi. Ol ady agzalan bu klublarda 658 oýunda 334 gol geçirip, 102 goluň pasyny berdi. EURO 2024-iň ýyldyzlaryndan gruziýaly hüjümçi Žorž Mikautadze Niderlandlaryň «Aýaks» toparyndan Fransiýanyň «Lion » toparyna geçdi. «Monako » bilen hem şertnama baglaşmaga golaýlaşan 23 ýaşyndaky oýunçy soňky pursatda «Liony » saýlady. «Lion » Mikautadzeniň transferi üçin «Aýaks» toparyna 18,5+4,5 million ýewro berer. Ol täze kluby bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Mikautadze geçen möwsümde «Ligue 1»-de 20 duşuşykda 13 goly derwezä girizdi. Transfer möwsüminiň iň işjeň kluby Angliýanyň «Aston Willa » kluby toparyň taryhyndaky iň gymmat 2-nji transferini amala aşyrdy. Birmingemliler ýurduň başga bir topary «Ewertondan » belgiýaly Amadu Onanany düzümine goşdy. «Aston Willa » topary bu transfer üçin «Ewertona » 50 million funt sterling tölär. Mussa Diabiden soň (52 million funt sterling) klubuň iň gymmat 2-nji futbolçysy bolan 22 ýaşyndaky ýarymgoragçy «Ewertonda » 2 möwsümde 72 gezek meýdança çykdy. Onana «Aston Willa » bilen 2029-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. «Bundesliganyň » güýçli toparlaryndan «Borussiýa Dortmund » geçen möwsümiň wise- çempiony «Ştutgart » klubunyň ýyldyzy Seru Girassini transfer etdi. Dortmundlylar gwineýaly hüjümçi üçin şertnamada bellenilen mukdary, 18 million ýewro tölär. «Borussiýa Dortmund » Girassi bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol geçen möwsümde 28 gol geçirip (28 oýunda), Harri Keýnden soň çempionatyň iň netijeli futbolçysy bolupdy. Fransiýanyň «Lill» klubunyň goragçysy Leni Ýoro «Real Madridden » gelen teklipden ýüz öwrüp, ol «Mançester Ýunaýtediň » düzümine goşuldy. Iňlis kluby 18 ýaşyndaky fransiýaly goragçyny 62+8 million ýewro transfer etdi. Transfer tölegi 4-5 ýylyň dowamynda tölener. Ýoro täze kluby bilen 5+1 ýyllyk şertnama baglaşyp, ol klubundan ýyllyk 7+2 million ýewro hak alar.