Iň köp medally türgenler

26 Iýul 2024
170

Tomusky Olimpiýa oýunlarynda Pariž 2024-e çenli iň köp altyn medal gazanan ýurt ABŞ bolup, amerikaly türgenler 28 Olimpiada gatnaşyp, 1065 altyn medal gazandylar. Amerikanlaryň 835 kümüş, 738 bürünç, jemi 2638 medaly bar. Bu ugurda ozalky SSSR-iň türgenleri 2-nji ýerde bolup, Soýuzyň adyndan wekilçilik eden türgenler 9 Olimpiadada 395 altyn medala eýelik etdiler. Olar 319 kümüş, 296 bürünç, jemi 1010 medal gazandylar. Şu wagta çenli geçirilen ähli Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan 5 ýurduň biri bolan Beýik Britaniýanyň türgenleri (beýlekileri Gresiýa, Şweýsariýa, Awstraliýa, Fransiýa) 285 altyn bilen 3-nji orunda barýarlar. Olaryň 319 kümüş, 314 bürünç, jemi 918 medaly bar. Geçirilen 29 Olimpiadada amerikaly türgenler 18 gezek medal sanawynda 1-nji orny eýelediler. Ozalky Soýuzyň türgenleri 6 gezek medal sanawynda birinji orny eýeläp, bu görkeziji boýunça 2-nji ýerde barýarlar. Irki ýyllarda Fransiýadyr Beýik Britaniýa hem-de Germaniýa 1 gezek medal sanawyny çür depede tamamlapdylar. Hytaýyň, şol sanda Birleşen toparyň topary hem 1 sapar tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medal sanawynda ýeňijibolmagy başardy. Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda iň köp medal gazanan türgen amerikaly ýüzüji Maýkl Felps bolup, ol 28 gezek ýeňiş münberine çykýar. Olimpiýa oýunlaryna 5 gezek gatnaşan türgen 23 altyn, 3 kümüş, 2 bürünç, jemi 28 medal gazanyp, bäsdeşlerinden ep-esli öňde barýar. Sanawda 2-nji orunda ozalky SSSR-den Larisa Latynina bolup, ol 1956-1964-nji ýyllar aralygynda gatnaşan 3 Olimpiýa oýunlarynda 9 altyn, 5 kümüş, 4 bürünç, jemi 18 medala eýelik edýär. Latynana amerikaly ýüzüji Maýkl Felpse çenli rekordy özünde saklap, ol Olimpiýa oýunlarynyň iň köp medally zenan türgenidir. SSSR-iň başga bir gimnastikaçy türgeni Nikolaý Andriýanow 3-nji orunda bolup, ol 1972-1980-nji ýyllar aralygynda 3 Olimpiada wekilçilik edýär we 7-si altyn jemi 15 medal gazanýar. 13 medally türgenlerden SSSR-li gimnastikaçy Boris Şahlin, italiýaly fehtowaniýaçy Edoardo Manjarotti, ýaponiýaly gimnastikaçy Takaşi Ono 4-5-6-njy orunlary eýeleýärler. Finlýandiýaly meşhur ýeňil atletikaçy Paawo Nurminiň 9-sy altyn, 3-si kümüş, jemi 12 medaly bar. Gündogar germaniýaly kanoeçi zenan Birgit Fişer Olimpiýa oýunlarynyň 6-syna gatnaşyp, 8 altyn medal gazanýar. Ilkinji medalyny 18 ýaşyndaka Moskwa 1980-de alan Fişer 2004-nji ýylda Afinyda soňky medallaryny boýnuna dakýar. Umumylykda Fişeriň 12 Olimpiýa medaly bar. Ol 6 Olimpiadada medal gazanan ýeke-täk zenan türgendir. Edil şonuň ýaly, wengriýaly fehtowaniýaçy Aladar Gerewiç hem 6 Olimpiadada 6 medal gazanmagy başarýar. Iň uly fehtowaniýaçylaryň hatarynda görkezilýän Gerewiç 1932–1960-njy ýyllar aralygyndaky 28 ýylda guralan 6 Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar. Gerewiç Ikinji Jahan urşy sebäpli ýatyrylan (Tokio 1940, London 1944) Olimpiadalara- da gatnaşan bolsa, onda ol 8 Olimpiýa oýnuna wekilçilik edip bilerdi. Germaniýaly ýüzüji Fransiska wan Almsigiň 10 Olimpiýa medaly bolsa- da, oňa 1992-2004-nji ýyllar aralygyndaky 4 Olimpiadanyň hiç birinde- de münberiň iň ýokary basgançagyna çykmak başartmaýar. Onuň 4 kümüş, 6 bürünç medaly bar.