Iň güýçli deňiz ýel turbinasy

26 Iýul 2024
96

Hytaýyň «Dongfang Electric Corporation » kompaniýasy kuwwatlylygy 18 MW/t deň bolan dünýäniň iň beýik deňiz kenaryndaky ýel turbinasynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny mälim etdi. Täze gurnama ýylda 72 GWt/s arassa energiýa öndürip biler, bu bolsa Hytaýyň gündogar kenarlarynda energiýa balansyny üpjün etmäge kömek eder. Hytaý 2060-njy ýyldan soň ýel energiýasyny uglerodsyz energiýa üpjünçiliginiň esasy hökmünde görýär. Geçen ýyldan bäri ýurtda bir günde 16 MW/t kuwwatly ýel turbinalaryny gurmak tehnologiýasy işlenip düzüldi. Bu bolsa olary oturtmak işlerini epesli çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Golaýda gurlan 18 MW/t ýel turbinasynyň diametri 260 metr bolan peri bolup, bu ýedi adaty futbol meýdançasyndan hem uludyr. Periň meýdany näçe uly bolsa, edilen çykdajyny çalt ödäp, köp energiýa öndürýär. Geljekde Eýfel diňinden has beýik we diametri 310 metr bolan perli 22 MW/t kuwwatly ýel turbinasyny gurmak meýilleşdirilýär. Hytaý özüniň ägirt uly daşky gurşaw maksatlaryna ýetmäge tagalla edip, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmekde möhüm öňegidişlikleri dowam etdirýär.