Dalaşgärligini Harrise berdi

26 Iýul 2024
135

ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Prezident wezipesine gaýtadan saýlanmak isleginden ýüz öwrenden soň, 25- nji iýulda ilkinji gezek halka ýüzlenip çykyş etdi. ABŞ-nyň Lideri Ak Tamda eden çykyşynda noýabr aýynda boljak saýlawlardan öz dalaşgärligini aýyrýandygy baradaky taryhy kararyny mälim etdi. – Häzir Amerika üçin taryhdaky seýrek pursatlaryň biri – özgerişlik pursady gelip ýetdi, şoňa görä- de, biziň kabul edýän kararlarymyz geljek onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň we dünýäniň ykbalyny çözmelidir – diýip, Baýden belledi. – Men wezipäme hormat goýýaryn, ýöne öz ýurdumy has-da gowy görýärin. Milletimizi jebisleşdirmegiň iň gowy usuly, gezegi ýaş nesle geçirmekdir – diýip, Baýden belledi. Baýden özüniň demokratiýany goramak ugrundaky göreşini dowam etdirjekdigini sözüniň üstüne goşdy. – Meniň ýolbaşçylygym, Amerikanyň geljegine bolan garaýşym ikinji möhlete mynasypdyr, ýöne demokratiýamyzyň dabaralanmagyny hiç zat, şol sanda, şahsy isleglerimiz hem bökdäp bilmez – diýip, Prezident Jozef Baýden belledi. Şeýle hem Baýden halka ýüzlenmesinde Demokratik partiýadan özüne mirasdüşer hökmünde saýlan wise- prezident Kamala Harrisi «başarnykly, güýçli » we «ýurduň lideri » diýip atlandyrdy.