Magtymgulynyň syýahatlary

25 Iýul 2024
254

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak, ony doganlyk halklaryň arasynda wagyz etmek işleri ýokary gerime eýe boldy.

Akyldar şahyrymyzyň syýahatlary, gezen ýurtlary barada biziň günlerimize çenli taryhy ýa-da golýazma maglumatlary saklanyp galmandyr. Magtymgulynyň gezen ýurtlary babatda D.Amanekow bilen K.Weýisowyň «Magtymgulynyň syýahatlary» atly makalasynda: «Magtymgulynyň eserlerinde daglaryň, sähralaryň, şäherleriň, ýurtlaryň, derýa we deňizleriň atlarynyň duş gelmegi, dogrudan-da, şu syýahatlaryň netijesidir» diýip bellemegi, ylmy nazaryýetden seredeniňde, örän ýerlikli çykarylan netijedir. Dana şahyrymyzyň Eýran, Turan, Owganystan, Hindistan, Demirgazyk Kawkaz, Astrahan ýaly dürli ýurtlara, şäherlere syýahat etmegi, şol ýerlerde ýaşaýan halklaryň ýaşaýyş durmuşy bilen tanyşmagy, olaryň gözel tebigatyna bolan çäksiz guwanjy onuň dünýägaraýşyny giňeldip, döredijiligine öz täsirini ýetiripdir. Bu syýahatlarda dörän eserler şahyry millilik çäginden çykaryp, umumadamzat söýgüsine mynasyp edipdir. Eýsem, şahyryň gadymy Hindistana syýahat etmek baradaky arzuwlary nähili döredikä? Ýa-da olar Abu Reýhan Biruniniň «Hindileriň taryhy», «Hindistanyň görnüşleri» atly kitaplaryny okanyndan soňky täsirlermikä? Bu garaýşymyz ylmy taýdan takyk bolmasa-da, dana şahyrymyzyň hemişe jahankeşdeligiň arzuwynda ýaşandygy döredijiliginden mälimdir.

Rejepbaý ŞIRIÝEW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy, pensioner.