Sport: parahatçylygy, dostlugy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri

25 Iýul 2024
162

Halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygy döwletimiziň rowaçlygynyň we okgunly ösüşiniň girewidir. Hut şundan ugur alnyp, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de Watanymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly,  jebisleşdiriji güýje öwrüldi.

Demokratik we hukuk döwletimizde ýurdumyzyň parahatçylygyny, halkymyzyň asuda, bolelin durmuşyny, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek ugrunda ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasyna laýyklykda, döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy ýörelgelerinden ugur alnyp, «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi we döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Didar ORAZOW,
Daşoguz welaýatynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.