Azyk üpjünçiliginiň ygtybarly binýady

24 Iýul 2024
191

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan oba hojalyk pudagy aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan ýeňillikler döredilýär. Şeýle hem önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen dürli görnüşdäki ýeňillikleriň berilýändigini bellemek bolar. Bularyň ählisi «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Pagtaçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk hukuk namalary bilen berkidilendir.

Irki döwürlerden bäri ekerançylyk medeniýetiniň ösen ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistanda häzirki wagtda hem ene topraga yhlasly zähmet bilen çemeleşilýär. Şol sanda döwrüň talabyna laýyklykda täzeçil usullara hem eýerilýär. Oba hojalyk toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meseleleri innowasion esasda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän iň täze tehnikalar satyn alynýar. Bu bolsa daýhanlaryň ýetişdiren hasyllaryny çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam edýär. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanalarynyň, saýlama bugdaý tohumlaryny taýýarlaýan bölümleri bolan elewatorlaryň we degirmen toplumlarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi bu pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär.

Ýörite habarçymyz.