Özgertmeler syýasaty — rowaçlyklaryň gözbaşy

24 Iýul 2024
257

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň: «Geljekde her bir maşgalanyň öýi hem-de jaýy bolar» diýen sözlerine laýyklykda, häzirki wagtda ilatyň ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiligi barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary yzygiderli gurulýar. Uzak möhletli we ýeňillikli bank karzlarynyň esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlary adamlar hakynda edilýän uly aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Bu bolsa durmuş ugurly döwlet syýasatynyň rowaçlanýandygynyň subutnamasy bolmak bilen, raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan hukuklarynyň hem kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 5-nji iýunynda welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň dowamynda Daşoguz şäherinde birbada 8 sany köp öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giň gerimde bellenilmegi halkymyzyň baý edebi we medeni mirasyna goýulýan belent hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu babatda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýetiniň örän uly bolandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr. Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähim-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir» diýip belleýşi ýaly, akyldar şahyryň döredijiligi diňe bir halkymyzyň däl, eýsem-de, dünýä halklarynyň gymmatly genji-hazynasydyr. Ýeri gelende bellesek, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden dabaralandyrylýar. Bu şanly sene mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem döredildi. Bu ýubileý medaly bilen ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň sylaglanylmagy beýik özgertmeler döwründe ösdürilýän halkara gatnaşyklaryň taryhynda ajaýyp wakalaryň biri boldy.

Geldimyrat ORAZKLYÇEW,
Şabat etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.