Halal gazanç — rysgal-döwlet

24 Iýul 2024
253

Halkymyzda «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýen paýhasly söz bar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary üçin bu, hakykatdan hem, şeýle boldy. Olar şu ýyl Watan harmanyna bereketli bugdaý hasylyny tabşyryp, zähmet üstünligini gazandylar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak hakyndaky Karary kabul etdi. Şonuň netijesinde-de, kärendeçi daýhanlaryň, daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň yhlasly zähmet çekip, has-da uly girdeji almaklaryna şert döredildi.

Ýörite habarçymyz.