Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

24 Iýul 2024
134

Taryhy waka bolar

Üstümizdäki — “Pähim--paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle bähbitli tagallalar bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty belent sepgitlerde rowaç alýar.