Deňiz ulaglary ulgamynda türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygy ösdürilýär

24 Iýul 2024
173

2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri bilen Belgiýa Patyşalygynyň "Camco Technologies NV" kompaniýasynyň wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda "Camco Technologies NV" kompaniýasynyň deňiz we gury port terminallarynda gözegçiligi güýçlendirmek, terminallaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ornaşdyrylmaga niýetlenilen enjamlary we bu babatda sanly çözgütleri prezentasiýa arkaly tanyşdyryldy.