Türkmenistan, Gazagystan we Owganystan ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeldýär

24 Iýul 2024
175

Golaýda Aktau (Gazagystan) şäherinde geçirilen Birinji «Demirgazyk-Günorta» söwda-logistika forumynyň çäginde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag toplumynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habarynda aýdylyşy ýaly, bu ýerde üç döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň ulag pudagyndaky mümkinçiliklerini giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taraplar Pakistana çykalganyň elýeterliligini üpjün edýän Gazagystan — Türkmenistan — Owganystan ugry boýunça haryt daşamagyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde bolsa ýokarda agzalan üçtaraplaýyn duşuşykda türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine (Owganystan) demir ýol gurmak taslamasynyň durmuşa geçirilmegine türkmen, owgan we gazak taraplarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.