Ussat daýhan

23 Iýul 2024
229

Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginde ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekde adygan kärendeçi daýhanlaryň onlarçasy bar. Şolaryň biri-de 2-nji kärendeçilik toparynyň öňdebaryjy kärendeçisi Parahat Durdyýewdir.

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalyň eýesi zähmetsöýer kärendeçiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýetişdiren galla hasyly has-da bereketli boldy. Ol 10 gektar kärende ýerinde «Alekseýiç» görnüşli bugdaýy ýetişdirip, şol meýdandan bugdaýyň 20 tonna 230 kilogramynyň ýerine, 60 tonnadan gowragyny Watanymyzyň galla harmanyna goşdy. Şeýlelikde, öňdebaryjy daýhan bu baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny 298 göterim ýerine ýetirdi.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
öz habarçymyz. Surata düşüren awtor.