Türkmeniň milli saz sungatynda yz galdyran orta asyr sazandalary

20 Iýul 2024
136

Ata-babalarymyzyň ganyna siňen saz sungaty öz gözbaşyny taryhyň gadymy köklerinden alyp gaýdýar. Gadymy türkmen topragymyz diňe bir dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, çöl ýerinde çöli bolan tebigy gözelligi bilen däl-de, eýsem, dünýä meşhur zehinli alymlary, är ýigitleri berendigi bilen hem tapawutlanýar. Her bir milletiň özboluşly däp-dessurlarynyň, olaryň millet hökmünde emele gelmeginiň çylşyrymly prossesleriniň bolup geçişi ýaly, türkmen milleti hem özüne mahsus birnäçe alamatlary bilen dünýä ýüzünde bilen tapawutlanyp. Şolaryň biri hem saz sungatydyr. Saz sungatyň güýjüni hiç bir güýç bilen deňäp bolmasa gerek, çünki ol adamyň ýüreginde ornaşan iň uly ruhy baýlyk. Müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy ýoly başdan geçiren türkmen halkynyň özboluşly saz sungaty bar. Şol sanda saza ussatlyk bilen erk edip bilýän ussat sazandalaryň hem bolandygyna taryh şaýat. Geliň, olar barada käbir maglumatlara ser salalyň.

VI-VII asyrlarda asly Merwde doglan Barbut Merwezi hem şolaryň biridir. Onuň başgaça Pahlabat adynyň hem bardygy barada maglumatlar saklanyp galypdyr. Pahlabat diýmek bolsa, “pahlaw”, ýagny “batyr” diýmegi aňladypdyr. Käbir çeşmelerde bolsa, onuň ady Barbat diýip tutulýar. Ol orta gündogar ýurtlarynda özüniň ezber sazandalygy bilen, zehini bilen uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Bu ussat sazandany şol döwrüň beýik döwletleriniň şalary özüniň köşk sazandasy etmegiň arzuwynda bolupdyr. Emma, Barbut Merwezi diňe bir şany saýlap alýar, ýagny özüniň döredijiliginiň gülläp ösen döwründe ol Eýran şasy Hosrow II-niň (590-627) köşk sazandasy bolup gulluk edipdir. Ussat Barbut her gün üçin bir mukam düzüpdir, ýagny ýylda 360 saz eserini döredipdir. Onuň usssatlygy barada Al-Faraby, Ibn Sina, Abdyrahman Jamy dagy ýaly ussat alymlar hem öz ylmy işlerinde agzap geçipdirler. Onuň döreden “Nuhuft”, “Gülnüş”, “Aramy jan”, “Dargam” ýaly sazlary bolsa arap hem-de türk sazandalary tarapyndan şu günki günlerde hem ýerine ýetirilip gelinýär.

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
Çärjew etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.