Eýran Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa ýük otlusyny ugratdy

23 Iýul 2024
203

21-nji iýulda Eýran Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa ýük otlusyny ýollady. Hytaýyň demirgazyk-günbataryna çenli uzajak 10297 kilometrlik ugur iki hepdeläp dowam eder, bu bolsa ýüküň deňiz boýunça ugradymagyndan iki esse çaltdyr.

Otly Tähran prowinsiýasyndaky Eslamşehr şäherinde ýerleşýän Eýranyň iň uly gury porty bolan Aprindäki ammardan ýola düşüp, Türkmenistan bilen serhetdäki Inçeburun stansiýasyna tarap ugur aldy. Ol onlarça konteýner alyp barýar we Hytaýyň Iu şäherindäki soňky nokadyna ýetmezden ozal, Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystanyň Altynkol stansiýasyna barar.