Sport ýurdundan sport baýramyna!

23 Iýul 2024
180

Islendik döwürde geçirilen Olimpiadalaryň çempionlary-da hemişe häzirki zaman işligi ulanylyp ýatlanýar. 100 ýyl mundan ozal geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň çempiony hakynda gürrüň edilende hem, onuň ady geçen zaman işliginde agzalmaýar. Olaryň atlarynyň öňüne «ozalky» sözi goşulman, «Olimpiýa çempiony» diýlip aýdylýar.«Mydama häzirki zamanda ýaşamak» diýmek hemişelik mertebä eýe bolmak dälmi näme?! Elbetde, şeýle. Hut şonuň üçin hem Olimpiadalar hemişe adamzadyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Olimpiýa oýunlary bolsa 1896-njy ýyldan bäri her dört ýyldan bir gezek geçirilip gelinýär. Ýer şarynyň sport baýramyny taryhda 3-nji gezek özünde geçirmek häzirki zamanyň Olimpiadalaryny gaýtadan dikelden Pýer de Kuberteniň Watany Fransiýanyň paýtagtynyň paýyna düşdi. Fransiýanyň Olimpiýa oýunlaryny ilkinji gezek 1924-nji ýylda kabul edendigini hasaba alsaň, onda bu gezekki oýunlar şol wakanyň bir asyrlyk şanly senesi bilen dabaralanar.

Aprel aýynda Gresiýada Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýakylmagy bilen, şol alawy «Belem» gämisinde Marsel şäherine alyp gaýtdylar. Ortaýer deňziniň üsti bilen Marsele gelen «Belemiň» häzirki zamanyň 1-nji tomusky Olimpiýa oýunlary bilen ýaşytdaşdygy üçin fransuzlar şol gämini alawy Fransiýa getirmek üçin ulanmagy makul bildiler. «Belemiň» kapitany Emerik Žilber bu wakanyň uly buýsanç döredýändigini aýdýar. Marsel gelensoň, gämidäki alawy ýakan Florin Manolu Fransiýanyň dürli künjegine syýahat etjek estafeta badalga beripdi.

Hojaberdi APBAÝEW,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň baş redaktory.