Üstünlik hemraňyz bolsun, türgenlerimiz!

22 Iýul 2024
173

Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi

Paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Munuň özi Türkmenistan döwletimizde ýokary derejeli sporta, köpçülikleýin bedenterbiýä möhüm ähmiýet berilýändigini ýene bir ýola tassyklady.

«Nesil».