Gowy adam bolmak (Durmuş we biz)

22 Iýul 2024
181

Ynsan ogly ýaşlykda üýtgeşik arzuwlary edýär, belent maksatlary tutunýar. Şol maksatlaryň myradyna gowuşmagy üçin zähmet çekýär. Ýaşlyk döwri — güýç-kuwwatyň, gujur-gaýratyň dolup-daşýan döwri. Ine, hut şu döwürde ynsan özüne mynasyp käri saýlaýar. Şol saýlawda üstünlik gazanaýmak ýeňil-ýelpaý zat däl. Sebäbi seniň saýlan käriň saňa hem lezzet bermeli, hemem maddy durmuşyňy gowulandyrmaly.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda her bir adamyň öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga bolan hukugy kanun arkaly berkidilýär. Bu günki gün Diýarymyzda hereket edýän ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler yzygiderli açylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwür bilen aýakdaş gidip, döwrüň talaplaryna eýerýändiginden nyşandyr.

Merdan BEKMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap geňeşiniň başlygy.