Mango festiwaly geçirildi

22 Iýul 2024
161

19-njy iýulda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan halkara mango festiwaly guraldy. Oňa ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryndan wekiller, žurnalistler, telekeçiler we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Ýurdumyzda halkara mango festiwaly ilkinji gezek guralyp, onda mango önüminden taýýarlanylan dürli tagamlaryň sergilendi, ondan myhmanlara hödür edildi. Myhmanlar bu önümden taýýarlanan işdäaçarlary, içgileri we beýleki önümleri synladylar hem-de dadyp görmek mümkinçiligine eýe boldular. Bu ýere ýygnananlar ýörite taýýarlanylan kitapça arkaly mangonyň 1500-den gowrak görnüşi, eksport edilişi bilen ýakyndan tanyş boldular.

(Ýörite habarçymyz).