Fes­ti­wal halk­la­ry dost­laş­dyr­ýar

21 Iýul 2024
161

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dün­ýä döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na, şol san­da ýur­du­my­zyň kö­pu­gur­ly we top­lum­la­ýyn da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn uly üns ber­ýär. Şu jäht­den, ýur­du­myz öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk hem ös­dür­mek ba­ba­tyn­da anyk ädim­le­ri äd­ýär, iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ýar.

Hä­zir­ki dö­wür­de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len Türk­me­nis­tanyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ylym-bi­lim pu­da­gyn­da, me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da has ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Ýa­ňy ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ryn­dan dü­zü­len we­ki­li­ýe­tiň Omsk şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Rus­si­ýa­nyň we Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň ýaş­la­ry­nyň dö­re­di­ji­lik fes­ti­wa­ly­na gat­naş­ma­gy bu aý­dy­lan­la­ry do­ly aý­dyň­ly­gy bi­len tas­syk­la­ýar. Türk­men ýaş­la­ryn­dan dü­zü­len we­ki­li­ýe­tiň dü­zü­mi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň we­kil­le­ri, Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň we Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýaş mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry gat­naş­dy­lar. Iýun aýy­nyň 26 — 30-y ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len bu fes­ti­wal ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­lik, sun­gat we in­tel­lek­tu­al iş­jeň­li­gi­niň has-da ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­lip, ol «KHS, me­dia», «Dö­re­di­ji­lik» we «Di­zaýn» at­ly üç bö­lü­mi öz içi­ne al­dy. «KHS, me­dia» bö­lü­min­de ýaş­la­ra me­dia­nyň hä­zir­ki­za­man ugur­la­ry, su­ra­ta dü­şür­me­giň we ony gaý­ta­dan iş­le­me­giň gör­nüş­le­ri, tä­sir­li wi­deo ýaz­gy­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň usul­la­ry we baş­ga-da bu ug­ra de­giş­li mö­hüm me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak hem-de ge­rek­li tej­ri­be­le­ri alyş­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di.

Bag­ty­gül DUR­DY­ÝE­WA,
Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.