Sag­ly­gym bar — baý­ly­gym bar

21 Iýul 2024
191

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024

Sag­lyk yn­sa­nyň ze­min ýa­şaý­şy­nyň äh­li üs­tün­lik­le­ri­niň göz­ba­şy­dyr. Ýö­ne ýer­den ata-ba­ba­la­ry­myz: «Sag­ly­gym — baş baý­ly­gym» ýa-da «Baý­ly­gyň sa­ka­sy — sag­lyk» diý­män­dir. El­bet­de, ke­sel­le­me­ýän adam bol­maz, esa­sy me­se­le her bir der­diň der­ma­ny­nyň bol­ma­gyn­da­dyr. Gün­do­gar dün­ýä­sin­de nyg­ta­ly­şy ýa­ly, sag­ly­gyň ga­dy­ry­ny has­sa bol­maz­dan öňin­çä bil­me­giň ze­rur. Mu­nuň üçin adam öz sag­ly­gy ba­ra­da gün­de­lik ala­da edip gez­me­li, yn­sa­nyň sag­ly­gy­nyň onuň uzak ömür sür­mek­li­gi­niň ke­pi­li bo­lup dur­ýan­dy­gy­na dü­şün­me­li. Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy şu ba­bat­da şeý­le aýd­ýar: «Jan sag­ly­gyň bol­maz hiç de­ňi-ta­ýy, ag­şam ýa­typ, er­tir şük­rün kyl ýag­şy».