Egsilmeýän hazyna

21 Iýul 2024
132

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow: «Magtymguly, seniň bilen, iň bolmanda, bir pursat didarlaşsam dünýe malyndan geçerdim. Bu minut maňa dünýäniň geçmişi, şu günki we geljegi bilen duşuşmaga mümkinçilik bererdi. Bakylygyň ýanynda bir pursat durup görmege deň geljek bagt barmyka?» diýýär. Kerim şahyr Pyragynyň adyny göterýän baýraga mynasyp bolmagyny ömrüniň iň uly netijesi, iň beýik baýragy hasaplapdyr. Munuň özi soňraky ussatlaryň ählisiniň-de Magtymguly Pyragyny öz ruhy howandary, gaýybana halypasy hasaplandygy baradaky beýik hakykatdyr. Diýmek, Pyragynyň edebi mekdebi ol dünýäden ötenden soňam ýaşap gelýär. Ol mekdepden beýik-beýik şahyrlar uçurym bolup çykýar. Nesip bolsa, bu geljekde-de şeýle bolmagyny dowam eder. Sebäbi Magtymguly Pyragy halkymyzyň ýüreginde ýaşaýar. Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem şygryýeti Watan edinen her bir döredijilik ynsanynyň ýüreginde Magtymguly bar.

Sähra BABAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.