Aýdym- saz sungatynyň belent derejesi

19 Iýul 2024
180

Her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň abraý- mertebesi has-da belende galýar. Türkmen halky medeniýetini, sungatyny sarpalap, milliligine buýsanyp, olaryň şanyna uly toý-baýram edýän bagtly halklaryň biridir. Her ýyl uly dabara bilen bellenilýän bu baýram – Medeniýet hepdeligi «Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy » ýylynda Arkadag şäherinde uly ruhubelentlige beslenip, medeniýetimiziň täze taryhy döwründäki beýik galkynyşyny şöhlelendirdi. Halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň içinde aýdym- saz sungaty aýratyn orun eýeleýär. Bu barada söhbet edeniňde, Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa... », «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy » atly ajaýyp kitaplary bada- bat göz öňüňe gelýär. Sebäbi kitap tekjelerimizde hemişelik orun alan bu eserlerde türkmeniň aýdym- saz sungatynyň baý dünýäsi barada gyzykly maglumatlar öz beýanyny tapypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan milli aýdym- saz sungatymyz täze derejelere göterildi. Ony halkara derejede wagyz etmek boýunça asylly başlangyçlara badalga berildi. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO- nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Hususan- da, halypa- şägirtlik ýörelgesiniň aýdym- saz sungatynda täze- täze aýdyň sahypalary açýandygyny aýratyn bellemek gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän şertleriniň netijesinde geljegine uly ynam bildirilýän ýaşlar ussatlardan tälim alyp, inçe senedi yhlas bilen öwrenýärler. Häzirki zaman şertlerine laýyk gelýän sazçylyk hemde sungat mekdeplerinde, çagalar- ýetginjekler döredijilik merkezlerinde ýaş nesle milli senedimiziň inçe tilsimleri boýunça başlangyç bilimiň berilmegi, medeniýet öýlerinde ýaş dutarçylaryň toparlarynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry » atly baýragyny almak ugrunda yglan edilýän bäsleşigiň çäklerinde «Çalsana, bagşy! » atly bäsleşik we beýleki çäreler yzygiderli geçirilip, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy pederlerimizden miras galan aýdym- saz sungatymyzy has-da baýlaşdyrmaga, dowamat- dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki günlerde hem «Çalsana, bagşy! » bäsleşiginiň welaýat tapgyrlary geçirilýär. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry » atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän bäsleşik aýdym- saz muşdaklary üçin ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary peşgeş berýär. Şonuň ýaly- da, bäsleşigiň dowamynda welaýatyň şäherleridir etraplarynda deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan ýaş bagşy- sazandalaryň çeper döredijilik ussatlygy gözden geçirilýär. Umuman, aýdym- saz sungaty barada aýdylanda, türkmen halkynyň milliliklerinden bolan dutary agzaman bolmaz. Ýagny türkmenlerde dutaryň sarpasy has belentdir. Türkmen toýlarynyň bezegi dutardyr. Geçmişde türkmeniň ak öýleriniň törüni gazma dutary bezäpdir. Dutar sözi «iki tar» diýen manyny berýär. Şol iki tardan çykýan owaz adamy gynandyryp hem, begendirip hem, buýsandyryp hem bilýär. Daşyndan seredeniňde, ýönekeý bolup görünýän bu saz guralyny ýasaýan dutarçy ussalar onuň ýasalyşyny sungat derejesine göteripdirler. Türkmen halkynyň belli saz guraly dutar Orta Aziýa halklarynyň arasynda has giňden ýaýran saz guralydyr. Ol özbeklerde, garagalpaklarda, gyrgyzlarda, uýgurlarda we başga- da birnäçe halklarda bar. Emma olar biri- birinden möçberleri, perdeleri, hatda kirişleri boýunça hem tapawutlanýarlar. Ynsan kalbynyň ruhy ganatyna öwrülen aýdymdyr sazlarymyzyň, halk senetçiliginiň nusgawy gymmatlyklary bolan milli saz gurallarymyzyň öwrenilmeginiň, ösdürilmeginiň, bu ugurdaky tejribeleriň indiki nesillere ýetirilmeginiň rowaçly menzillerine giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun, döwletli işleri hemişe üstünliklere beslensin! Aýgül ADAÝEWA, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.