Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

17 Iýul 2024
177

... Zähmetde gözellik bar. Tamdyrda çörek ýapýan, ig egirýän, ýüpek işýän zenan keşplerinde, eli pilli ýer depýän daýhanyň, baga timar berýän bagbanyň, uzakly gününi körügiň başynda geçirýän demirçi ussanyň keşbinde durmuşyň iň owadan, nusga alynmaly pursatlary jemlenendir. Adamyň zähmetiň gymmatyna düşünmegi, zähmetiň gadyryny bilmegi onuň mertebesini beýgeldýär. Çünki zähmet daragty adamyň özünde bolup, ol adamyň tebigy ukybynyň endik bilen özleşdirilmeginiň netijesidir.

Bir adam ömürboýy hazyna gözläp, çölleri, daglary agtarypdyr. Aslynda hazyna onuň howlusynyň bir çüňkünde gömülgi eken diýip, ýaşulular gürrüň bererdiler. Şu tymsal hem özüňde bar bolan, elýeterli mümkinçilikleri özleşdirmegi ündeýär, ata-babalarymyz: «Işikden tapsaň, töre geçme» diýipdirler. Munuň birinji bölegi biziň özümizdäki özleşdirilen, ozalky bar ukyplardyr we mümkinçilikler, ikinji bölegi soň özleşdirilmeli, gazanylmaly mümkinçilikler hakyndadyr. Ilki bilen edip bolýan, gözüňe görnüp duran mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmalydyr. Çünki özüňde bar zat, başga ýerden gözlenilmeýär.