Howpsuzlyk düzgünlerini unutmaň!

17 Iýul 2024
197

Mähriban ildeşler! Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy sizi gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmeklige çagyryp, şulary ýatladýar: elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan amala aşyrylyp, enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderlikde gözegçilik etmeli. Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan enjamlar gurnalanda elektrik tok ulgamy aýratynlykda geçirilip, elektrik tok geçirijiniň ugrunda goraýjy oturdylmaly. Enjamlaryň birikdirijileriniň gyzmagynyň öňüni almak üçin, olaryň berk gysylyp durmagyny üpjün etmeli. Elektrik geçirijileriniň sütünleri berkidilende ýönekeý usulda sarap goýmak, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik geçirijileriniň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşini ulanmak, elektrik setini çendenaşa artyk işletmek ýa-da iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmak talabalaýyk däldir.

Hormatly ildeşler! Ýaşaýyş, edara jaýlaryndan gitmezden öň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, elektrik enjamlaryň öçürilendigini barlamagy unutmaň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.