Täsirli pursatlara baý günler

17 Iýul 2024
222

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalar hakyndaky alada mydama üns merkezinde saklanylýar. Şeýle bolansoň, biziň geljegimiz bolan çagalar bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar, her gününi şatlykly geçirýärler.

Şu günler Diýarymyzda dowam edýän mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwründe çagalar tebigatyň gözel ýerlerine, medeniýet ojaklaryna, seýilgählere gezelenç edýärler. Olaryň arasynda gyzykly kitaplary okap, lezzet alýanlary-da, sungat eserlerinde tebigat täsinliklerini ussatlyk bilen suratlandyrýanlary-da bar. Okuwçylaryň bir topary bolsa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly geçirýärler.

Ödegeldi KULYÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren awtor.