Yhlaslylyk üstünlige ýetirýär

17 Iýul 2024
217

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen sport, köpçülikleýin bedenterbiýe, sagdyn durmuş ýörelgeleri tutuş jemgyýetimizi gurşap aldy. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara derejeli türgenleri taýýarlamak, sagdyn nesliň kemala gelmegini gazanmak ugrunda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň sport bilen gyzyklanmasyny artdyrmak we olaryň iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrundaky işlerde Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň tälimçisi Halmuhammet Gurbanowyň goşandy uly.

Ýaşlaryň sporta bolan söýgüsini artdyrmak babatynda alty ýyldan gowrak wagt bäri yhlasyny gaýgyrman gelýän tälimçi welaýatymyzyň futbol boýunça 2010 — 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerden ybarat ýygyndysy bilen yzygiderli türgenleşik işlerini alyp barýar. Toparda diňe bir Türkmenabat şäheriniň däl, eýsem, Kerki we Çärjew etraplarynyň mekdep okuwçylary-da çykyş edýärler. Ussat tälimçiniň işini göwnejaý guraýşyny ýetginjek futbolçylaryň görkezýän netijelerinden hem görmek mümkin. Ýagny «Altyn ýyldyzyň» oýunçylary indi birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzda geçirilýän futbol ýaryşlarynda öňdeligi elden bermän gelýärler. Bu hakykata golaýda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine bagyşlanyp geçirilen welaýatyň açyk birinjiliginiň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Şol ýaryşyň göçme kubogyny eýelän toparyň oýunçylarynyň käbiri şahsy baýraklara-da mynasyp boldy. Olardan Emir Baýmuradow «Iň köp pökgi geçiren oýunçy», Aýdemir Açilow bolsa «Iň ökde goragçy» diýlip yglan edildiler. Döwran Hudaýkulyýew bolsa ýaryşyň iň ökde derwezeçisi hökmünde ykrar edildi. Ýaryşyň iň ökde hüjümçisi üçin niýetlenen baýraga bolsa kerkili Sanjar Saidow mynasyp boldy.