Ezber ýetginjekler

17 Iýul 2024
198

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Ýaş halasgär» atly merkezara bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň maksady mekdep okuwçylarynda türkmen halkyna mahsus bolan mertlik, edermenlik, batyrlyk, gaýratlylyk, gaýduwsyzlyk, ynsanperwerlik, lebzihalallyk ýaly ahlak sypatlaryny kemala getirmek, raýat goranyşyna we dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk endiklerini, başarnyklaryny ösdürmek, bilimlerini artdyrmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşige 12 — 14 ýaş aralygyndaky ýetginjeklerden düzülen toparlar gatnaşdy. Onuň şertleriniň ýerine ýetirilişine has işjeň gatnaşyp, gowy netijeleri görkezendigi üçin «Nebitçi» 1-nji, «Beýik Serdaryň nesilleri» 2-nji, «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňiji toparlar guraýjylaryň adyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de göçme kubok bilen sylaglandylar.

Annagül ATAÝEWA,
maýor.