Beýik döwre buýsanç

16 Iýul 2024
225

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şan-şöhraty barha arşa göterilýär, ykdysady kuwwaty pugtalanýar. Gündelik durmuşymyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler hem şeýle diýmäge esas berýär.

Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar halkymyz üçin şanly wakalaryň biri bolup, ählimizde gyzgyn seslenme döretdi. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylmagynyň özi sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşanydyr.

Baýramgeldi ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.