Ýurdumyzda zähmetsöýer zenanlaryň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň meşhurlygy ýylyň-ýylyna artyp, baý many-mazmuna eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu bäsleşigiň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan bilelikde yglan edilmegi oňa bolan gyzyklanmany artdyrdy. Munuň şeýledigi bu özboluşly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyrynyň örän täsirli we gyzykly geçmeginde hem aýdyň şöhlelendi.
Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçen nobatdaky bäsleşige onuň etrap tapgyrlarynda öňe saýlanan zenanlar gatnaşmak bilen, özleriniň ýerine ýetiren nepis işleriniň sergisini guradylar. Ildeşlerimiz zähmetsöýer zenanlaryň sergide görkezen işlerini uly gyzyklanma bilen synladylar.