«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024
Raýatyň döwrebap hukuk medeniýetiniň bolmagy kämil raýat jemgyýetiniň emele gelmeginiň iň möhüm şertleriniň biridir. Elbetde, munuň üçin ýörite terbiýeçilik, bilim, düşündiriş, wagyz-ündew işleriniň maksadalaýyk alnyp barylmagy wajypdyr. Ýaş nesilde hukuk taýdan aň-düşünjeli, özüniň we özgeleriň hak-hukugyny bilýän we bulary hormatlaýan, öz döwletiniň kanunlaryna laýyklykda ýaşamaga meýilli şahsyýetleri terbiýelemäge irgözinden girişmek maksadalaýykdyr. Kämillik ýaşa ýeten raýatlarymyzy hem dünýä bilen aýakdaş barha döwrebaplaşýan milli kanunçylygymyzyň özgerýän kadalaryndan habarly etmek, hiç kimiň bu ugurdaky özgerişlerden çetde galmazlygyny gazanmak döwrüň derwaýys talaby bolup durýar. Ylaýta-da, soňky ýyllarda jemgyýetimiziň hukuk binýady täze kanunlar bilen barha baýlaşýar we kämilleşýär. Bu özgertmeleriň düýp manysy biziň döwlet we jemgyýetçilik gurluşyna häzirki zaman hukuk tehnologiýasyny, has döwrebap ýörelgeleri, dünýä tejribesini barha giň ornaşdyrmakdan ybaratdyr.